Medeniýet

Türkmenistan hakykatda gadymy medeniýetleriň siwilizasiýanyň ojagydyr. Ýurduň ähli ýerinde gadymy ýadygärlikleriň tutuş toplumy bar.

Türkmenistan medeniýetiniň gadymy taryhy bar. Türkmenistanyň milli sungaty, halkyň  döredijilik taryhy  zergärler, küýzegärler, demirçiler, taraçylar, binagärler we agaç ussalary ýaly senetçileriň däp-dessurlary gorap saklamagy arkaly kämilleşdirildi.

El  halysynyň gölleriniň türkmen halkynyň ruhubelentliligini we döredijilik ukyplaryny aýan edişi ýaly, halkyň döwrebap milli medeniýeti hem baý taryhyň, edebi mirasyň  aýdym-sazyň we çeperçilik sungatyň iň gowy taraplaryny görkezýär. Folklor, el  işleri, däp – dessurlar türkmen medeniýetiniň esasy özeni  bolup, olar dünýä medeniýetiniň oňyn özgerişliklerini özünde jemleýär.